Ojak II kitap
Агагельды АлланазаровО книге
Tanymal ýazyjy Agageldi Allanazarowyň köptomly «Ojak»
romanynyň birinji kitaby türkmen okyjylary tarapyndan gyzgyn
garşylanan eserleriň biri boldy. Bu roman hem şol öňki birinji
kitabyň gönüden-göni dowamy bolmak bilen, 1930–1937-nji
ýyllarda bolşewikleriň döwlet başyna gelmegi bilen, asuda, parahat
oturan ojaklaryň zora tutulyp, köpçülikleýin weýran edilişi,
halkymyzyň gören agyr jebir-jepalary taryhy maglumatlaryň üsti
bilen çeper beýan edilýär.
Romanyň taryhy çeşmeleriň, gözi bilen gören şaýatlaryň
maglumatlary bilen utgaşdyryp ýazylmagy eseriň gymmatyny
has-da artdyrypdyr.
Awtor bu romanynyň üsti bilen biziň häzirki bagtyýar zamanamyzyň
owal-ahyr berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşan
merdana gerçekleriň, gujurly-gaýratly aýal-gyzlarymyzyň ruhy
keşplerini tirsegine galdyrýar. Eser ýazyjynyň bu merdanalary
mertebeläp, olara diken mynasybetli ýadygärligi bolupdyr.
Awtor kitabyň döremegine öz maglumatdyr maslahatlary
bilen hemaýat eden adamlar: alym Baba Weliýewe, Myrat
Abdyrahmanowa, Agajuma Seýitmyradowa, Meret Suhanowa,
buharaly taryhçy, žurnalist E.Kurbanowa, ýazyjy Sapargeldi
Hudaýberdiýewe, Annamyrat Kakabaý ogly Tätän agtygyna,
Allamyrat Mommadowa, Nabat Kakabaý Batman gyzyna
mertebeläp, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär
Рейтинги этой книги | за всё время |
Роман | №290 |