Ogulbike - Ýalňyz durna
Агагельды АлланазаровО книге
Ogulbike biziň edibiýatymyzda Watan ykbaly bilen ykbaly bap gelýän, öz döwründe ondaky durmuş barada batyrgaý, şahyrana pikir ýöredip bilen, otlukly ykbal goşgularyny ýazan şahyr bolupdyr.
Ýurt garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň onuň hem goşgulary metbugatda peýda bolup ugrady. Onuň goşgularynyň gazetlerde çap bolmagy okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Ogulbikäniň okyjylar tarapyndan gowy görülen «Täleý şapagy» atly goşgular ýygyndysy 2005-nji ýylda çap edildi. Şeýle-de soňky ýyllarda şahyr gelniň şygyrlaryndan birnäçesi, rus, gazak, belorus dillerine hem geçirildi.
Ogulbikäniň bu ýygyndysyna onuň ozalky ýygyndysyna giren goşgulary bilen bir hatarda heniz çap edilmedik goşgularynyňam ençemesi girizilip, kitabyň üsti ýetirildi. Ogulbikäniň ykbal goşgulary halkymyzyň unutmaly däl taryhynyň sahypalaryndan ybarat.
Döwrüniň hakyny sesi bolmagy başaryp, öz agysyna goşup il agysyny aglan zehinli, watançy, geliniň ýürekden syzylan şygyrlarynyň hem ýene-de okyjylarda ýürekdeşlik tapjagyna ynanýarys.
Рейтинги этой книги | за всё время |
Поэзия | №13440 |